Kovid-19 epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp ýetirmäge dowam edýär

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 38 million 140 müň adama ýetdi

1528344
Kovid-19 epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp ýetirmäge dowam edýär

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy (Kovid-19) sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 324 müň adamdan geçdi. Dünýäde wirus ýokanlaryň sany 54 million 818 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 38 million 140 müň adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 130 müň 109 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 8 million 845 müň adama ýetdi. 

Eýranda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 41 müň 493 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 762 müň 68 adama ýetdi. 

Kovid-19 epidemiýasy sebäpli Russiýada şu günki güne çenli 33 müň 186 adam ýogaldy. Ýurtda hasaba alynanlaryň sany bolsa 1 million 925 müň adama ýetdi. 

Afrika materiginde epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 275 adamlyk artyş bilen 47 müň 438 adama ýetdi. Materikde wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 12 müň 468 adamlyk artyş bilen 1 million 987 müň 732 adama ýetdi. Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Günorta Afrika Respublikasynda 20 müň 241 adama, Müsürde 6 müň 453 adama, Marokkoda 4 müň 779 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar