Koronawirus dünýä ýurtlaryna howp salmaga dowam edýär

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 37 million 243 müň adama ýetdi

1527188
Koronawirus dünýä ýurtlaryna howp salmaga dowam edýär

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 300 müň adama, wirusa ýoluganlaryň sany 53 million 131 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 37 million 243 müň adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 128 müň 686 adama ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 8 million 728 müň 795 adama ýetdi. 

Afrika materiginde epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 269 adamlyk artyş bilen 46 müň 262 adama ýetdi. Materikde wirusa ýoluganlaryň sany bolsa soňky 24 sagatda 15 müň 617 adam artyp, 1 million 946 müň 369 adama ýetdi. Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany Günorta Afrika Respublikasynda 20 müň 76 adama, Müsürde 6 müň 417 adama, Marokkoda 4 müň 570 adama ýetdi.

Iordaniýada soňky 24 sagatda Kovid-19 sebäpli ýene-de 80 adam ýogaldy. Ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňkylar bilen birlikde 1 müň 547-ä ýetdi. Ülkede wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 5 mň 685 adamlyk artyş bilen 132 müň 86 adama ýetdi. Syýahatçylyk ministri Naif Feýýaz hem Kovid-19-a ýoluganlaryň arasynda. 

Liwanda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 1 günde 12 adamlyk artyş bilen, 775-e ýetdi. Ýurtda şol bir wagt aralygynda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 müň 874 adamlyk artyş bilen 100 müň 703-e ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli şu günki güne çenli 44 adamyň ýogalan Gazada, düýn ýene-de 311 adamyň Kovid-19-a ýolugandygy mälim edildi. Içeri işler ministrligi Gazada wirusa ýolugýan adamlaryň sanynyň artmagy sebäpli berk çäreler görmek barada karar kabul etdi. 



Degişli Habarlar