ABŞ-daky Prezident saýlawynda Arizona ştatynda Jo Baýden üstün çykdy

16 delegatly Jorjia we 15 delegatly Demirgazyk Karolina ştatlarynda bolsa netijeler entek aýan bolmady

1527293
ABŞ-daky Prezident saýlawynda Arizona ştatynda Jo Baýden üstün çykdy

ABŞ-da 3-nji noýabrda geçirilen 59-njy Prezident saýlawynda tankydy ştatlaryň biri bolan Arizona ştatynda, örän az tapawut bilen Demokrat partiýadan dalaşgär bolan Jo Baýden üstün çykdy. 

Amerikanyň metbugatynda çap edilen resmi bolmadyk netijelere görä, Jo Baýden, Arizona ştatyndaky sesleriň 49,4 göterimini alyp üstün çykdy. Respublikan partiýadan dalaşgär bolan Donald Tramp bolsa sesleriň 49,06 göterimini aldy.

Şol netije bilen Baýden takmynan 11 müň ses tapawudy bilen Donald Trampy geçip, öz tarapyna ýene-de 11 delegady geçirdi we 290 delegat sanyna ýetdi. 

16 delegatly Jorjia we 15 delegatly Demirgazyk Karolina ştatlarynda bolsa netijeler entek aýan bolmady. 

ABŞ-nyň Prezident saýlawynda 538 delegadyň ýarsyndan 1 sany köp, ýagny 270 delegada ýeten dalaşgär Prezident wezipesine geçmäge hukuk gazanýar. 



Degişli Habarlar