Baýden: "Trampyň ýeňlişini kabul etmezligi utandyryjy" diýdi

Jo Baýden, ýurdyň Delawer ştatynda Trampyň ýeňlişi kabul etmezligi bilen bagly beýanat berdi.

1525854
Baýden: "Trampyň ýeňlişini kabul etmezligi utandyryjy" diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine saýlanan Jo Baýden, Donald Trampyň saýlawyň netijesini kabul etmezligi bilen baglanşykly: "Munyň utandyryjy bir hereketdigini pikir edýärin. Aýdyp biljek ýeke täk zadym, Prezidentiň öz yzynda goýup gitjek mirasynyň peýdasy bolmaz" diýip belledi. 

Jo Baýden, ýurdyň Delawer ştatynda Trampyň ýeňlişi kabul etmezligi bilen bagly beýanat berdi. 

Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň, Demokratlaryň ýeňişini kabul etmezliginiň dinamikalary üýtgetmejekdigini aýdan Baýden, Ak Tama geçiş etabyny tutanýerli ýagdaýda alyp barýandyklaryny habar berdi. 

Hiç bir zadyň geçiş meýilnamasyny duruzyp bilmejekdigini aýdan Baýden: "Amerika yzyna gaýdyp geldi we ýaňadandan oýuna girdi. Mundan beýläk diňe Amerika ýok. Beýik Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Kanada we Irlandiýa ýaly ýurtlar bilen, dünýäniň 6 lideri bilen gürrüňdeş bolmak mümkinçiligim boldy, hyjuwlydylar, sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Amerikany ozalky abraýly ýerine getireris" diýip nygtady. 

Trampa ýüzlenmesiniň bolup-bolmandygy bilen bagly soraga Baýden: "Tramp bilen gürrüňdeş bolmagy sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn" diýip belledi. 


Etiketkalar: #Donald Tramp , #Jo Baýden

Degişli Habarlar