Russiýada wirusa ýoluganlaryň sany 1 million 817 müň adama ýetdi

Russiýada koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 31 müň 161 adama ýetdi

1525187
Russiýada wirusa ýoluganlaryň sany 1 million 817 müň adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 270 müň adama ýetdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 51 million 287 müň adama, saglyk ýagdýay gowulaşanlaryň sany bolsa 36 million 96 müň adama ýetdi. 

Hindistanda soňky 24 sagatda ýene-de 448 adamyň ýogalmagy bilen koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 127 müň 104 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 38 müň 73 adamlyk artyş bilen 8 million 591 müň 730 adamdan geçdi. 

Russiýada koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 31 müň 161 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 million 817 müň adama ýetdi. 

Kovid-19 epidemiýasynyň ýüze çykan ýeri bolan we şu günki güne çenli 4 müň 634 adamyň ýogalan Hytaýda, soňky 1 günde Kovid-19 sebäpli adam ýitgisi çekilmedi. Ýurtda hasaba alynanlaryň sany bolsa 22 adamlyk artyş bilen 86 müň 267 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar