Hindistanda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 127 müň 59 adama ýetdi

Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 38 müň 73 adamlyk artyş bilen 8 million 591 müň 730 adamdan geçdi

1524948
Hindistanda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 127 müň 59 adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 269 müň 320 adama ýetdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 51 million 245 müň adama, saglyk ýagdýay gowulaşanlaryň sany bolsa 36 million 56 müň adama ýetdi. 

Hindistanda soňky 24 sagatda ýene-de 448 adamyň ýogalmagy bilen koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 127 müň 59 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 38 müň 73 adamlyk artyş bilen 8 million 591 müň 730 adamdan geçdi. 

Kovid-19 epidemiýasynyň ýüze çykan ýeri bolan we şu günki güne çenli 4 müň 634 adamyň ýogalan Hytaýda, soňky 1 günde Kovid-19 sebäpli adam ýitgisi çekilmedi. Ýurtda hasaba alynanlaryň sany bolsa 22 adamlyk artyş bilen 86 müň 267 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar