Tramp Döwründe Eýran Taryhynyň Iň Agyr Günlerini Başdan Geçirdi

Hasan Ruhani, ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň Eýrana goýan sanksiýalaryna ünsi çekdi

1522587
Tramp Döwründe Eýran Taryhynyň Iň Agyr Günlerini Başdan Geçirdi

 

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, ýurdunyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň prezidentlik döwründe taryhynyň iň agyr günlerini başdan geçirendigini aýtdy.

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň habaryna görä, Hasan Ruhani, ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň Eýrana goýan sanksiýalaryna ünsi çekdi.

Ruhani “Käbir adamlar, sanksiýalar we basyşlar bilen eýranyň halkyny boýun egdirip biljekdiklerine we galkynyş meýilnamalaryny bökdäp biljekdiklerine ynandylar. Sanksiýalara we terrorist hökümetiň basyşlaryna garamazdan uly öňe gidişlik etmegi başardyk” diýdi.

Trampyň prezidentligi döwründe Eýranyň taryhynyň iň agyr günlerini başdan geçirendigine ünsi çeken Ruhani, “Eýranyň halky we hökümeti Eýranyň taryhynyň iň agyr günlerini başdan geçirdi. Ak Tamdaky şol adam koronawirus epidemiýasy döwründe hem sanksiýalaryny we ykdysady söweşi artdyrmak bilen dowam etdirdi. Men ahyry halkymyzyň ýeňiş gazanjakdygyna ynanýaryn” diýip belledi.

Ruhani emma muňa garamazdan ABŞ-daky prezident saýlawynyň netijeleriniň özlerini gyzyklandyrmaýandygyny nygtady.



Degişli Habarlar