ABŞ-nyň Prezident Saýlawy Protestleriň Geçirilmegine Sebäp Bolýar

Sesler meselesinde dowam edýän düşnüşmezlikler birnäçe ştatda protest edildi

1522306
ABŞ-nyň Prezident Saýlawy Protestleriň Geçirilmegine Sebäp Bolýar

ABŞ-nyň 59-njy prezident saýlawynda dowam edýän näbellilik we poçta arkaly berilen sesler meselesinde dowam edýän düşnüşmezlikler birnäçe ştatda protest edildi

Protestçiler Nýu-Ýork, Filedelfiýa, Şikago we Los Anželes ýaly ýurduň ençeme şäherinde köçelere çykdylar.

Demokrat dalaşgär Jo Baýdeniň saýlawda üstün çykan Nýu-Ýork şäheriniň iki etrabynda köçelere çykan demokrat saýlawçylar, Menhattanyň 5-nji şaýolundaky Tramp Tower söwda merkeziniň golaýynda metbugata beýannama berenden soň ýöriş geçirdi.

Union meýdanynyň golaýynda ýoly gatnawa ýapan protestçilere polis çäre gördi, protestçileriň birnäçe polis tarapyndan saklandy.

Filadelfiýa, Detriot we Şikago ýaly şäýerlerde protestçiler “Sesleriň äslisini sana” şyharlary bilen asuda ýöriş geçiren bolsan, prezident saýlawynda kesgitleýiji özboluşlyga eýe bolan Mişigan ştatynda dartgynly pursatlar başdan geçirildi.

Los Anželes şäherinde düýn geçirilen ýörişlerde tussag edilmeler boldy, şu gün polisiň çäre görmegi netijesinde asuda ýörişler geçirildi.

Afro-amerikan Jorj Floýduň polis tarapyndan öldürilen ýeri bolan Minneapolis şäherinde bolsa I-96 atly awtomagistraly ýapan protestçiler tussag edildi.

Meriland ştatynyň Baltimor şäherinde 30 adamdan ybarat topar Respublikaçy dalaşgär Donald Trampyň ýeňişini ir yglan etmegi asuda ýörişler bilen protest edildi. Waşington şäherinde polis departamenti ýöriş gurama düzgünlerini bozmak, hüjüm we çaknyşyklara meçew bermek etmişleri sebäpli 4 adamyň saklanandygyny beýan etdi.

Respublikan partiýanyň sesleriň gaýtadan sanalmagyny islän ýeri bolan Mişiganyň Detroit şäherinde bolsa Respublikaçy saýlawçylar topary özlerini saýlaw uçastogyna kabul etmeginde resmiler bilen dawalaşdy.

“Içeri gireliň”, “Sesleriň sanalmagyny bes edeliň” diýip, şygarlar aýdan topar polis tarapyndan dargadyldy.

Protest aksiýalarynyň ertir hem birnäçe şäherde dowam etmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar