Russiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 29 müň 217 adama ýetdi

Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 19 müň 768 adam artyp, 1 million 693 müň 454 adama ýetdi

1521599
Russiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 29 müň 217 adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 221 müň 240 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 47 million 890 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 34 million 385 müň adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 123 müň 650 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 8 million 313 müň 876 adama ýetdi. 

Russiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 389 adam artyp, 29 müň 217 adama ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 19 müň 768 adam artyp, 1 million 693 müň 454 adama ýetdi. 

Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany Alžirde 1 müň 989 adama, Liwanda 667 adama ýetdi. 

Ysraýylyň demirgazygyndaky tussaghanalaryň birinde tussaglykdaky ýene-de 61 palestinalynyň Kovid-19 testi položitel çykdy. Şeýlelik bilen Ysraýylyň tussaghanalaryndaky Kovid-19-a ýolugan palestinalylaryň sany 104-e ýetdi. 



Degişli Habarlar