Afrika materiginde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 40 müň 289 adama ýetdi

Materikde hasaba alynanlaryň sany bolsa 9 müň 494 adam artyp, 1 million 674 müň 836 adamdan geçdi

1512954
Afrika materiginde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 40 müň 289 adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanalaryň sany 1 million 129 müň 745 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 41 million 50 müň 370 adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 30 million 632 müň 290 adama ýetdi. 

Hindistanda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 115 müň 950 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 7 million 651 müň 107 adamdan geçdi. 

Afrika materiginde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 298 adamlyk artyş bilen, 40 müň 289 adama ýetdi. Materikde hasaba alynanlaryň sany bolsa 9 müň 494 adam artyp, 1 million 674 müň 836 adamdan geçdi. Materikde şu günki güne çenli Kovid-19 sebäpli iň köp adam ýitgisi çeken ýurtlar 18 müň 656 adam bilen Günorta Afrika, 6 müň 142 adam bilen Müsür, 3 müň 27 adam bilen Alžir boldy. 

Palestinada täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 492 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 59 müň 565 adama ýetdi. Kovid-19 epidemiýasynyň ilkinji tolkunynyň aprel aýynda geçen Palestinada, 2-nji tolkun has erbet geçýär. 



Degişli Habarlar