Dünýäde Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 39 million 186 müň 835 adama ýetdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 29 million 386 müň 115 adama ýetdi

1510267
Dünýäde Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 39 million 186 müň 835 adama ýetdi

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 103 müň 111 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 39 million 186 müň 835 adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 29 million 386 müň 115 adama ýetdi. 

Hindistanda soňky 24 sagatda ýene-de 895 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany jemi 112 müň 161 adama ýetdi. Ülkede wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 63 müň 37 adamlyk artyş bilen, jemi 7 million 370 müň 468 adama ýetdi. Hindistan wirusa ýolugan adamlaryň sanynyň köplügi boýunça dünýäde 2-nji oruna geçdi. 

Epidemiýa sebäpli şu günki güne çenli 619 adamyň ýogalan we 43 müň 280 adamyň wirusa ýolugan Azerbaýjanda ähli bilim edaralarynda 2-nji noýabra çenli ähli dynç alyş yglan edildi. Görülýän öňüni alyş çäreleriniň çäginde Bakunyň metrosy 2-nji noýabra çenli işlemez. Döwlet edaralarynda işleýänleriň diňe 30 göterimi işine gatnar, galan bölegi bolsa öýlerinden işlär. Bu ýagdaýda iş tertibiniň hususy pudakda hem ýerine ýetirilmegi barada maslahat berildi. Ministrler kabinetiniň mejlisi, 65 ýaşdan uly adamlaryň öýlerinden çykmazlyklary barada maslahat berdi. 

Russiýada Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 232 adamlyk artyş bilen, 23 müň 723 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 15 müň 150 adamlyk artyş bilen, 1 million 369 müň 313 adama ýetdi. 

DKTR-nyň Saglygy goraýyş ministri Ali Pilli, Kipriň Grek böleginde wirusa ýolugan adamlaryň sanynyň artmagy sebäpli, raýatlara mejbur bolmadyklary saýyn Kipriň Grek bölegine geçmezlikleri barada duýduryş berdi. Kipriň Grek böleginde koronawirusa ýoluganlaryň sany soňky 24 sagatda 93 adamlyk artyş bilen jemi 2 müň 274 adama ýetdi.

Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Günorta Afrika Respublikasynda 18 müň 309 adama, Indoneziýada 12 müň 268 adama, Yrakda 10 müň 86 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar