Owganystanda 2 harby dikuçar ýere gaçdy

Owganystanyň günortasyndaky Helmand welaýatynda 2 harby dikuçaryň ýere gaçmagy netijesinde 9 adam ýogaldy

1508601
Owganystanda 2 harby dikuçar ýere gaçdy

Owganytanyň Goranmak ministrligi, Owganystanyň Harby-howa güýçlerine degişli "MI-17" kysymly 2 harby dikuçaryň Helmand welaýatynyň Nawe etrabynda uçanyndan gysga wagt soň ýere gaçandygyny habar berdi. 

Dikuçarlaryň tehniki näsazlyk sebäpli ýere gaçandygy aýdylýan beýanatda, wakada 9 adamyň ýogalandygy mälim edildi. 

Şaýatlar bolsa, Nawe etrabynda ýaralanan esgerleri alan 2 harby dikuçaryň uçanyndan gysga wagt soň çakyşandygyny we wakada 10-dan gowrak esgeriň ýogalandygyny öňe sürdiler. 



Degişli Habarlar