“Owganystandaky Amerikan Esgerleriniň Sany Azaldylmaly”

Tramp 25-nji dekabra çenli Owganystandaky Amerikan esgerleriniň sanynyň azaldylmalydygyny aýtdy

1505005
“Owganystandaky Amerikan Esgerleriniň Sany Azaldylmaly”

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 25-nji dekabra çenli Owganystandaky Amerikan esgerleriniň sanynyň azaldylmalydygyny aýtdy.

Tramp, Twitterden beren habarnamasynda “Owganystanda iş alyp barýan gahryman esgerlerimiz Noele çenli öýlerinde bolmaly” diýdi.

Donald Tramp, Ak Tamda 10-njy sentýabrda beren beýannamasynda “Gysga wagtda Owganystandaky esgerlerimiziň sanyny 4 müňe, Yrakdaky esgerlerimiziň sanyny bolsa 2 müňe çenli azaldarys” diýipdi.


Etiketkalar: #azaltmak , #esger , #Donald Tramp , #ABŞ

Degişli Habarlar