Kovid-19 Epidemiýasy 150 Milliona Golaý Adamyň Aşa Ýoksullaşmagyna Sebäp Bolup Biler

Kovid-19 epidemiýasynyň şu ýyl 88 million bilen 115 million adamyň aşa ýoksullaşmagyna sebäp bolup biljekdigi çaklanylýar

1504930
Kovid-19 Epidemiýasy 150 Milliona Golaý Adamyň Aşa Ýoksullaşmagyna Sebäp Bolup Biler

 

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy, 2021-nji ýylyň ahyryna çenli 150 milliona golaý adamyň aşa ýoksullaşmagyna sebäp bolup biler.

Bütindünýä bankynyň 2 ýyldan bir gezek taýarlanýan Ýoksullyk habarnamasynyň 2020-njy ýyldaky sanynda, halkara derejesinde aşa ýoksullygyň 20 ýyldan gowrak wagt bäri ilkinji gezek 2020-njy ýylda ýokarlamagyna garaşylandygyna üns çekildi.

Habarnamada Kovid-19 epidemiýasynyň şu ýyl 88 million bilen 115 million adamyň aşa ýoksullaşmagyna sebäp bolup biljekdigi çaklanylýar.

Habarnama görä, şol san 2021-nji ýylyň ahyryna çenli bolsa 150 million adama ýetip biler.

Bankyň habarnamasynda koronawirus epidemiuasyndan ozal ýoksullygyň şu ýyl 7,9 göterim aşaklamagyna garaşylýandygy ýatladyldy.


Etiketkalar: #epidemiýa , #Kovid-19 , #ýoksul

Degişli Habarlar