Kovid-19-a ýoluganlaryň sany dünýäde 36 million 755 müň adama ýetdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 27 million 671 müň adamdan geçdi

1505796
Kovid-19-a ýoluganlaryň sany dünýäde 36 million 755 müň adama ýetdi

 

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 66 müň 800 adamdan geçdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 36 million 755 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 27 million 671 müň adamdan geçdi. 

Koronawirus epidemiýasynyň Ýewropadaky güýç merkezi bolan Britaniýada, Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 77 adam artyp 45 müň 592 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 17 müň 540 adamlyk artyş bilen 561 müň 815 adama ýetdi. 

Italiýada soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýene-de 22 adam ýogaldy. Ýurtda şeýlelik bilen adam ýitgisi 36 müň 83-e ýetdi. Italiýada wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 4 müň 458 adamlyk artyş bilen 338 müň 398 adama ýetdi. 

Fransiýada epidemiýa sebäpli soňky 24 sagatada ýene-de 76 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 32 müň 521 adama ýetdi. Wirus ýokanlaryň sany bolsa 18 müň 129 adamlyk artyş bilen 671 müň 638 adama ýetdi. 

Kovid-19 epidemiýasy sebäpli jemi 897 adamyň ýogalan Awstraliýada, soňky 48 sagatda wirus sebäpli adam ýitgisi çekilmedi. Ýurtda häzirki wagtda koronawirusa garşy bejergi alýan 267 adam bar. 

Koronawirus sebäpli jemi 25 adamyň ýogalan Täze Zelandiýada, Kovid-19-a garşy bejergi alýan 41 adam bar. 



Degişli Habarlar