Täze Delide Howanyň Hapalanmagyna Garşy Göreş Kampaniýasy Başladyldy

Hindistanyň paýtagty Täze Delide howanyň hapalanmagyna garşy göreşmek maksady bilen kampaniýa taýarlandy

1503228
Täze Delide Howanyň Hapalanmagyna Garşy Göreş Kampaniýasy Başladyldy

Deliniň Premýer-ministri Arwind Kežriwal paýtagtda şäherin zäherli ümür bilen ýapylýan gyş aýlaryndan ozal howanyň hapalanmagyna garşy kampaniýa başladandyklaryny habar berdi.

Kižriwal şol çäkde ekerançylyk sebäpli ýakylýan ot-çöpleriň emele getirýän hapalanma bilen birlikde zäherli dumanlara garşy hem göreşjekdiklerini beýan etdi.

Howanyň hapalanmagyna garşy kampaniýanyň çäginde mobil aplikasiýalaryň ulanmaga hödürlenjekdigini nygtan Kižriwal, halkyň hem şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, kampaniýa goldaw berip biljekdigini aýtdy.

Kižriwal howanyň hapalanmagynyň koronawirus epidemiýasy taýdan uly howp emele getirip biljekdigine ünsleri çeldi.

Hünärmenler Täze Delidäki aşa howa hapalanmasynyň halkyň koronawirusdan goranmagyna ýaramaz täsir ýetirip biljekdigini duýdurdy.

Howanyň aşa hapalanmagy sebäpli 2019-njy ýylyň noýabrynda mekdepler ýapylypdy, howa gatnawynda bökdençlikler ýüze çykypdy.



Degişli Habarlar