Kovid-19 dünýä ýurtlaryna howp salmaga dowam edýär

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 26 million 630 müň 690 adama ýetdi

1502750
Kovid-19 dünýä ýurtlaryna howp salmaga dowam edýär

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 41 müň 865 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 35 million 404 müň 675 adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 26 million 630 müň 690 adama ýetdi. 

Hindistanda soňky 24 sagatda ýene-de 903 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 102 müň 714 adama ýetdi. Ülkede wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 74 müň 442 adamlyk artyş bilen 6 million 623 müň 815 adama ýetdi. Hindistan wirusa ýolugan adamlaryň sanynyň köplügi boýunça dünýäde 2-nji oruna geçdi. 

Günorta Afrika Respublikasynda soňky 1 günde ýene-de 38 adamyň Kovid-19 sebäpli ýogalmagy bilen, ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 16 müň 976 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 müň 753 adamlyk artyş bilen 681 müň 289 adama ýetdi. 

Yrakda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 52 adam artyp, 9 müň 399 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 3 müň 210 adamlyk artyş bilen 379 müň 141 adama ýetdi. 

Tunisde soňky 1 günde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 45 adam artyp, jemi 321 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 müň 209 adamlyk artyş bilen 22 müň 230 adama ýetdi. 

Ysraýylyň gabawy astynda bolan Gazada Kovid-19-a garşy görülýän çäreleriň çäginde 1 aý bäri ýapyk bolan metjitler düýn ýaňadandan açyldy. Gazada 24-nji awgustda başlan köçä çykmak gadagançylygy dowam edýär. Köçä çykmak gadagançylygyna garamazdan Gazadaky ýaşaýyş ýerlerindäki Kovid-19 wakalaryň artyşy ünsleri özüne çekýär. 


Etiketkalar: #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar