BMG, Türkiýe Bilen Liwiýanyň Arasynda Baglaşylan Şertnamany Bellige Aldy

BMG-nyň Baş sekretary Guterreş, Türkiýe bilen Liwiýanyň arasynda baglaşylan halkara şertnamany tassyklady

1501457
BMG, Türkiýe Bilen Liwiýanyň Arasynda Baglaşylan Şertnamany Bellige Aldy

 

BMG, Türkiýe bilen Liwiýanyň arasynda baglaşylan deňiz ygtyýar giňişligi şertnamasyny bellige aldy.

BMG tarapyndan çap edilen bellige alyş resminamasyna görä, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Türkiýe bilen Liwiýanyň arasynda baglaşylan halkara şertnamany, BMG-nyň 102-nji maddasyna laýyklykda tassyklady.

Türkiýe bilen Liwiýanyň hökümeti, 27-nji noýabrda “Howpsyzlyk we harby hyzmatdaşlyk teswirnamasy” bilen iki ýurduň halkara hukugyna laýyklykdaky haklarynyň goralmagyny maksat edinýän “Deňiz ygtyýar giňişliginiň çäklendirilmegi baradaky ylalaşyk şertnamasyny tassyklapdy we bellige alynmagy üçin BMG-na hödürläpdi”.



Degişli Habarlar