NATO Töwellaçy, Gresiýa Gepleşige Ýakyn Durmaýar
Gündogar Ortaýer deňizinde çaknyşyk howpyny ortadan aýyrmak üçin NATO töwella edýär, emma Gresiýa gepleşiklere ýakyn durmaýar
Türkiýe-Gresiýa harby wekiliýetleriniň arasynda “Tapawutlandyryş Usullary” boýunça pikir alyşyljak maslahatyň şu gün geçirilmegine garaşylýar.
Türk we grek taraplarynyň NATO-nyň çäginde duşuşmagy üçin harby resmiler gepleşiklere başlady.
Emma resmi Afyny meseläni çykgynsyzlaşdyrýar. Sişenbe güni geçirilmegi meýilleşdirilen maslahat yza süýşürilipdi. Maslahatyň şuň gün NATO-nyň ştab kwartirasynda Türkiýe bilen Gresiýanyň harby wekiliýetleriniň arasynda geçirilmegine garaşylýar.
Gündogar Ortaýer deňizindäki harby güýjünin üstüni ýetirmäge dowam edýän Fransiýa bolsa öz bloguny döretmegiň ugrunda. Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron NATO-nyň maslahatynyň geçiriljek gününde Ortaýer deňizine serhetdeş İspaniýanyň, Portugaliýanyň, İtaliýanyň, Maltanyň we Kipriň grek böleginiň liderleri bilen duşuşar.
Liderler Korsika adasynda Gündogar Ortaýer deňizindäki dartgynlyk we Türkiýe meselesini ara alyp maslahatlaşarlar.
Makronyň maslahatdan ozal Gresiýanyň Premýer ministri Miçotakis bilen ikiçäk duşuşyk geçirmegine garaşylýar.