Dünýäde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 901 müň 900 adamdan geçdi

Dünýäde saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 19 million 834 müň adamdan geçdi

1487337
Dünýäde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 901 müň 900 adamdan geçdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 901 müň 900 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 27 million 743 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 19 million 834 müň adamdan geçdi. 

Hindistanda soňky 24 sagatda ýene-de 1 müň 115 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 73 müň 890 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 89 müň 706 adamlyk artyş bilen 4 million 370 müň 128 adama ýetdi. 

DKTR-de Kovid-19-a ýolugan adamlaryň soňky günlerde artmagy sebäpli, ýurtda koronawirusa garşy goşmaça çäreler görülmegä başlandy. Adamlaryň üýşýän ýerleri bolan şüweleň ýerleri, klublar, diskotekalar we kazinolar 1-nji oktýabra çenli ýapyk bolar. 11-nji oktýabrda geçiriljek prezident saýlawy bilen bagly mitingler 1-nji oktýabra çenli goý bolsun edildi. 



Degişli Habarlar