ÝB, Belarusa sanksiýa goýar

ÝB, Belarusda geçirlen saýlawyň netijelerini kabul etmeýär

1473315
ÝB, Belarusa sanksiýa goýar

 

ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatynda Belarusa sanksiýa goýulmagy barada karar kabul edildi.

ÝB-niň Daşarky gatnaşyklarda we howpsyzlykdan jogapkäe ýokary wekili Borrell, Belarusa sanksiýa goýuljakdygyny aýtdy.

Borrel, ÝB-niň, Belarusda geçen hepdäniň ahyrynda geçirlen we häzirki prezident Aleksandr Lukaşenkonyň üstün çykan saýlawynyň netijelerini kabul etmeýändiklerini nygtady.

Borrel “Wakanyň jogapkärlerine garşy sanksiýa goýlar” diýdi

Prezident saýlawynyň resmi bolmadyk netijelerine görä Lukaşenkonyň üstünlik gazanandygynyň beýan edilmeginden soň ýurtda protest ýörişleri başlapdy.

Bir hepdeden bäri dowam edýän ýörişlerde 1 adam ýogaldy, ýüzlerje adam ýaralandy, 6 müň adam hem saklandy.

 


Etiketkalar: #Belarus , #sanksiýa , #ÝB

Degişli Habarlar