“Russiýa Haftara goldaw bermäge dowam edýärmi?”

Rus uçarlary Haftaryň gözegçiligindäki Sirte şäherine gondy

1469928
“Russiýa Haftara goldaw bermäge dowam edýärmi?”

 

Liwiýanyň goşuny, iki rus ýük uçarynyň düýn ýurduň gündogarynda bikanun ýagdaýda iş alyp barýan ýaragly güýçleriň lideri Halyf Haftaryň gözegçiligindäki Sirte şäherine gonandygyny mälim etdi.

Sirte we Jufra bilelikdäki harby operasiýanyň metbugat sekretary general Abdulhadi Dyrah, ady agzalýan uçarlaryň Sirte şäherinde ýerleşýän halkara Gardabiýa howa menziline gonandygyny aýtdy.

Dyrah rus harby ýük uçarlarynyň Sirtä getiren ýükeleri hakynda doly maglumat bermedi, emma harby enjamyň getirlendigini öňe sürdi.

Birleşen Arap Emirlikleri, Müsür, Fransiýa we Russiýa tarapyndan goldanýan Haftar, paýtagty Tripolini ele geçirmek üçin 2019-njy ýylyň 4-nji aprelinde hüjüm görkezmesini beripdi.

Liwiýanyň goşuny, Haftara garşy 25-nji martda başladan operasiýasynyň çäginde 3-nji iýunda paýtagt Tripoliniň, 5-nji iýunda bolsa strategik Terhuna şäheriniň gözegçiligi ele geçiripdi.

Liwiýanyň goşuny 6-njy iýunda Sirte, Jufra harby howa menziliniň golaýynda Haftara garşy “Ýeňiş ýollary” atly täze operasiýa başladandygyny habar beripdi.



Degişli Habarlar