Kovid-19 epidemiýasy sebäpli dünýä derejesindäki adam ýitgileri dowam edýär

Dünýäde saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 12 million 193 müň 365 adama ýetdi.

1468269
Kovid-19 epidemiýasy sebäpli dünýä derejesindäki adam ýitgileri dowam edýär

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 711 müň 876 adama, wirus ýokanlaryň sany 19 million 6 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 12 million 193 müň 365 adama ýetdi. 

Epidemiýanyň güýç merkezi bolan ABŞ-da koronawirus epidemiýasy sebäpli şu günki güne çenli ýogalanlaryň sany 161 müň 608 adama ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 4 million 973 müň 741 adama ýetdi. 

Braziliýada Kovid-19 epidemiýasy sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 1 müň 437 adamyň ýogalmagy bilen, jemi ýogalanlaryň sany 97 müň 418 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 million 862 müň 761 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 829 adamyň ýogalan Meksikada, koronawirus sebäpli adam ýitgisi 49 müň 698 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 456 müň 100 adama ýetdi. 

Epidemiýanyň Ýewropadaky güýç merkezi bolan Britaniýada häzirki wagta çenli ýogalanlaryň sany 46 müň 364 adama ýetdi. Ýurtda 307 müň 184 adama bolsa wirus ýokandygy hasaba alyndy. 

Fransiýada koronawirus epidemiýasy sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 9 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 30 müň 205 adama ýetdi. Ýurtda Kovid-19 ýokanlaryň sany bolsa 1 müň 695 adamlyk artyş bilen, 220 müň 746 adama ýetdi. 

Kovid-19 pandemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Italiýada 35 müň 181 adama, Ispaniýada 28 müň 499 adama ýetdi.  

Germaniýada koronawirus epidemiýasy sebäpli şu günki güne çenli 9 müň 245 adam ýogaldy. 



Degişli Habarlar