“Maýkrasoft” “Tiktoky” Satyn Almak İsleýär

Firma degişli gepleşikleriň başlandygyny habar berýär

1466399
“Maýkrasoft” “Tiktoky” Satyn Almak İsleýär

Amerikanyň “Maýkrafost” firmasy Hytaýyň “BitDans” firmasyna degişli “TikTok” aplikasiýasynyň ABŞ-daky bölümini satyn almak üçin gepleşikler geçirýär.

“Maýkrasoftdan” berilen beýannamada firmanyň Ýolbaşçysy Satýa Nadellanyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşandygy habar berildi.

Beýannamada, duşuşykda Trampyň howpsyzlyk we senzunra bilen bagly aladalary hakynda pikir alyşylandygy mälim edildi.

Tramp bilen Nadellanyň duşuşygyndan soň firmanyň “TikTokyň” ABŞ-daky bölünii satyn almak boýunça seljeriş işlerine başlandygy beýan edilip; “Maýkrasoft” Prezidentiň aladalarynyň seljerilmegini möhüm hasaplaýar” diýilýär.



Degişli Habarlar