Kovid-19-a ýolugýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Dünýäde saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 11 million 606 müň adamdan geçdi

1466456
Kovid-19-a ýolugýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany 695 müň adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 18 million 381 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 11 million 606 müň adamdan geçdi. 

Fransiýada koronawirus epidemiýasy sebäpli soňky 3 günde ýene-de 29 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 30 müň 294-e ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa soňky 24 sagatda 556 adam artyp, 218 müň 12 adama ýetdi. 

Italiýada soňky 24 sagatda täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýene-de 12 adam ýogalyp, şeýlelik bilen jemi ýogalanlaryň sany 35 müň 166 adama ýetdi. Koronawirusa garşy bejergi alýanlaryň sany 12 müň 474 adama ýeten ýurtda, soňky 1 günde ýene-de 159 adam hasaba alyndy. 


Etiketkalar: #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar