Dünýäde Kovid-19-a ýolugýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Dünýäde koronawirus epidemiýasyndan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 11 million 450 müň 127 adama ýetdi

1466147
Dünýäde Kovid-19-a ýolugýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli dünýä derejesinde ýogalanlaryň sany 692 müň 893 adama ýetdi. Dünýäde koronawirus ýokanlaryň sany 18 million 239 müň 246 adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 11 million 450 müň 127 adama ýetdi. 

Hindistanda wirus sebäpli şu günki güne çenli ýogalanlaryň sany 38 müň 176 adama, koronawirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 million 805 müň 838 adama ýetdi. 

Eýranda Kovid-19 sebäpli adam ýitgisi 17 müň 190-a ýetdi. Ýurtda koronawirus ýokanlaryň sany bolsa 309 müň 437 adama ýetdi. 

Şu günki güne çenli 14 müň 128 adamyň ýogalan Russiýada, wirus ýokanlaryň sany 850 müň 870 adama ýetdi. 

Hindi okeanynda ýerleşýän ada ýurdy bolan Mawrikiýde koronawirus ýokan adamlaryň ählisiniň saglyk ýagdaýy gowulaşdy. Epidemiýadan 10 adamyň ýogalan ýurtda 334 adamyň Kovid-19-a ýolugandygy hasaba alyndy. 

Afrika materiginde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 329 adamlyk artyş bilen, 20 müň 347 adama ýetdi, wirus ýokanlaryň sany bolsa 12 müň 512 adam artyp 961 müň 242 adama ýetdi. 

Afrika materiginde Kovid-19 sebäpli iň köp adam ýitgisi çeken ýurt 8 müň 366 adam bilen Günorta Afrika Respublikasy, 4 müň 865 adam bilen Müsür we 1231 adam bilen Alžir boldy.  

Soňky 24 sagatda ýene-de 7 adamyň ýogalmagy bilen jemi adam ýitgisi 536-a ýeten Ysraýylda  Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 73 müň adama ýetdi. 

Müsürde wirus sebäpli ýene-de 31 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 4 müň 865 adama, koronawirus ýokanlaryň sany bolsa 167 adamlyk artyş bilen 94 müň 483 adama ýetdi. 

Kovid-19 sebäpli Marokkoda 382 adam, Keniýada 369 adam we Liwanda 62 adam ýogaldy. 



Degişli Habarlar