Koronawirus epidemiýasy Günbatar ýurtlaryna hem ýaramaz täsir ýetirmäge dowam edýär

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 11 million 334 müň adamdan geçdi

1465787
Koronawirus epidemiýasy Günbatar ýurtlaryna hem ýaramaz täsir ýetirmäge dowam edýär

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli dünýä derejesinde ýogalanlaryň sany 688 müň 982 adamdan, wirus ýokanlaryň sany 18 million 26 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 11 million 334 müň adamdan geçdi. 

Koronawirus epidemiýasynyň güýç merkezi bolan ABŞ-da ýogalan adamlaryň sany 157 müň 901-a, wirus ýokan adamlaryň sany bolsa 4 million 764 müňe ýetdi. 

Kovid-19-yň Ýewropadaky güýç merkezi bolan Britaniýada şu günki güne çenli ýogalanlaryň sany 46 müň 193 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 303 müň 952 adama ýetdi. 

Koronawirusyň Günorta Amerika materigindäki güýç merkezi bolan Braziliýada wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 93 müň 616 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 2 million 798 müň adama ýetdi. 

Meksikada soňky 24 sagatda Kovid-19 sebäpli ýene-de 784 adam ýogalyp, ýurtdaky adam ýitgisi 47 müň 472-ä, koronawirusa ýoluganlaryň sany bolsa 9 müň 556 adamlyk artyş bilen 434 müň 193 adama ýetdi. 

3 müň 596 adamyň ýogalan Argentinada, epidemiýanyň iň köp zyýan ýetiren ýeri bolan Buenos-Aýres şäherinde we onuň töwereginde karantin düzgünleriniň möhledi 16-njy awgusta çenli uzadyldy. 

Belgiýada 9 müň 845 adam Kovid-19 sebäpli ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 69 müň 402 adama ýetdi. 

9 müň 226 adamyň ýogalan we 211 müň 77 adamyň wirusa ýolugan Germaniýada, ýurdyň paýtagty Berlin şäherinde "Querdenken 711" atly bir platforma tarapyndan Kovid-19-a garşy görülýän çäreleri protest etmek maksady bilen müňlerçe adam Premýer ministrligiň binasynyň öňünde demonstrasiýa geçirdi. 

Kovid-19 sebäpli Fransiýada 30 müň 265 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 187 müň 919 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar