Hindistanda ýasama spirtli içgiler sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Hindistanyň Penjap ştatynda ýasama spirtli içgiler sebäpli ýogalan adamlaryň sany 86-a ýetdi

1465897
Hindistanda ýasama spirtli içgiler sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Press Trust of India gazedinde berilen habara görä, welaýatyň Premýer ministri Amarinder Singh, soňky 4 günde welaýatyň Amritsar, Gurdaspur we Tarn Taran diýilen sebitlerinde ýasama spirtli içgi içen azyndan 86 adamyň ýogalandygyny habar berdi.  

Singh, waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny, derňew bilen baglanşykly aralarynda polisiýa işgärleriniň hem bolan jemi 7 döwlet işgäriniň işlerinden boşadylandygyny mälim etdi. 

Walaýatda ýasama spirtli içgi öndürýän önümçilik merkezleriniň anyklanyp, ýapylmagy üçin başladylan 100-den gowrak operasiýada 25 adam göz tussaglygyna alyndy. 


Etiketkalar: #ýasama içgi , #Hindistan

Degişli Habarlar