Koronawirus sebäpli dünýä derejesinde ýogalanlaryň sany 677 müň 980 adama ýetdi

Koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 10 million 992 müň adamdan geçdi

1465221
Koronawirus sebäpli dünýä derejesinde ýogalanlaryň sany 677 müň 980 adama ýetdi

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli dünýä derejesinde ýogalanlaryň sany 677 müň 980 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 17 million 543 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 10 million 992 müň adamdan geçdi. 

ABŞ-da koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 155 müň 330 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 4 million 635 müň 886 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 91 müň 377 adamyň ýogalan Braziliýada, 2 million 613 müň adama bolsa wirus ýokdy. Şol adamlaryň arasynda ýurdyň Döwlet baştutany Žair Bolsonarunyň aýaly Mişel Bolsonaru hem bar. Mişel Bolsonarunyň saglyk ýagdaýynyň gowudygy mälim edildi. 

Meksikada Kovid-19 sebäpli soňky 1 günde ýene-de 639 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 46 müňe, wirus ýokan adamlaryň sany bolsa 7 müň 730 adam artyp, 416 müň 179 adama ýetdi. 

Britaniýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 45 müň 999 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 302 müň 301 adama ýetdi. Ýurdyň Premýer ministri Boris Jonson wirusa ýolukýan adamlaryň sanyndaky artyş sebäpli Demirgazyk Britaniýada koronawirus bilen bagly çäklendirmeleriň ýaňadandan ýola goýuljakdygyny habar berdi. Mundan başgada 8-nji awgustdan başlap maska dakmak mejbur ýagdaýa getiriler. 

Fransiýada koronawirus epidemiýasy sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 16 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 30 müň 254 adama ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 1 müň 377 adamlyk artyş bilen, 216 müň 110 adama ýetdi. 

Italiýada soňky 24 sagatda täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýene-de 3 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 35 müň 132-ä, wirus bilen kesellänleriň sany bolsa 12 müň 230 adama çenli azalan ýurtda, soňky 1 günde ýene-de 386 adam hasaba alyndy. 

Ispaniýada koronawirus sebäpli häzirki wagta çenli ýogalan adamlaryň sany 28 müň 443-e, wirus ýokan adamlaryň sany bolsa 332 müň 510-a ýetdi. 

Germaniýa Ispaniýanyň Kataloniýa, Aragon we Nawarra sebitlerini koronawirus epidemiýasynda howply zolaklar sanawyna aldy. Germaniýanyň daşary işler ministrligi ady agzalan sebitlere syýahatçylyk duýduryşyny berdi. 


Etiketkalar: #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar