Donald Tramp Prezident saýlawynyň yza süýşürilmegi barada teklip hödürledi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, noýabr aýynda geçiriljek Prezident saýlawynyň täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli yza süýşürilmegi barada teklip hödürledi

1464785
Donald Tramp Prezident saýlawynyň yza süýşürilmegi barada teklip hödürledi

Donald Tramp, 3-nji noýabrda geçirilmegi meýilleşdirilen Prezident saýlawynyň yza süýşürilmegi bilen bagly teklibini sosial media hasabynyň üsti bilen orta atdy. 

Tramp, epidemiýa sebäpli uzakda poçta arkaly ses berilmeginiň saýlawda mesele ýüze çykaryp biljekdigini belläp: "2020-nji ýyldaky saýlaw, taryhdaky iň ýalňyş we hileli saýlaw bolar" diýip nygtady. 

Tramp, saýlawyň adamlaryň ynamly we howpsyz bir ýagdaýda ses berip biljek wagta süýşürilmegini isledi. 

Tramp, koronawirus epidemiýasy sebäpli başdan geçirilen köp sandaky adam ýitgisi we ýurdyň ykdysadyýetinde artan meseleler sebäpli tankyt edilýär. 



Degişli Habarlar