Yragyň paýtagty Bagdatda partlama boldy

Beýanatda partlamanyň näme sebäpli bolandygy barada bolsa maglumat berilmedi

1462263
Yragyň paýtagty Bagdatda partlama boldy

Yragyň paýtagty Bagdat şäherinde, Haşdi Şabi söweşijileriniň we polisiýa işgärleriniň bolan harby bazada 2 aýry partlama boldy. 

Yragyň hökümetine degişli Howpsuzlyk Media tory tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda: "Bagdat-Hille ýolunyň üstünde ýerleşýän Sakar harby bazasynda iki aýry partlama boldy" diýip habar berildi. 

Beýanatda partlamanyň näme sebäpli bolandygy barada bolsa maglumat berilmedi. 

Bagdadyň günorta-günbatarynda ýerleşýän harby bazanyň töwereginde giň-gerimli howpsuzlyk çäreleri görüldi. 


Etiketkalar: #partlama , #Bagdat , #Yrak

Degişli Habarlar