Täze görnüş koronawirus epidemiýasy dünýä ýurtlarynda howply bolmagynda galýar

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 9 million 356 müň 354 adamdan geçdi

1460331
Täze görnüş koronawirus epidemiýasy dünýä ýurtlarynda howply bolmagynda galýar

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 630 müň 369 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 15 million 382 müň 469, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 9 million 356 müň 354 adamdan geçdi. 

Kovid-19 sebäpli soňky 24 sagatda Hindistanda ýene-de 1 müň 129 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 29 müň 904-e ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa soňky 24 sagatda 45 müň 720 adam köpelip, 1 million 241 müň 416 adama ýetdi. 

Russiýada häzirki wagta çenli Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 12 müň 745 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 789 müň 190 adam hökmünde bellige alyndy. 

Koronawirus sebäpli şu günki güne çenli 14 müň 853 adamyň ýogalan Eýranda, wirusa ýoluganlaryň sany 281 müň 413 adama ýetdi. 

Epidemiýanyň ilkinji gezek ýüze çykan güni bolan 10-njy martdan bäri 4 adamyň ýogalan DKTR-da soňky 1 günde wirusa ýoluganlaryň sanynyň 5 adam artandygy anyklandy. Şeýlelik bilen DKTR-da Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 130 adama ýetdi 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Alžirde 1 müň 111 adama, Kuweýtde 317 adama, Marokkoda 285 adama, Katarda 163 adama ýetdi. 

Koronawirus sebäpli 50 adamyň ýogalan Iordaniýada wirusa ýoluganlaryň sany 7 adamlyk artyş bilen 1 müň 120 adama ýetdi. Tunisde bolsa koronawirus ýokanlaryň sany 5 adamlyk artyş bilen 1 müň 394 adama ýetdi. 

Kovid-19 sebäpli 4 müň 459 adamyň ýogalan, 91 müň 751 adamyň wirus ýokandygy anyklanan Indoneziýada koronawirus epidemiýasy sebäpli 2 müňden gowrak myhmanhana işlerini wagtlaýyn bes etdi. 



Degişli Habarlar