Owganystanda Taliban bilen Howpsuzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyk boldy

Owganystanda Talibana agza terrorçylar bilen Howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan ýaragly çaknyşykda 6 howpsuzlyk gullukçysy ýogaldy

1457700
Owganystanda Taliban bilen Howpsuzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyk boldy

Logar welaýatynyň Içeri işler edarasynyň metbugat sekretary Şapur Ahmedzeý metbugata beren beýanatynda, welaýatyň Kalei Ahmedzeý diýilen ýerinde Talibanly başbozarlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda ýaragly çaknyşygyň ýüze çykandygyny aýan etdi.

Çaknyşykda howpsuzlyk güýçlerinden 6 adamyň ýogalandygyny, 2-siniň bolsa ýaralanandygyny aýdan Ahmedzeý, ýaragly çaknyşykda terror guramanyň hem agyr ýitgiler çekendigini mälim etdi.  

Beýleki tarapdan ýurdyň Milli Howpsuzlyk şurasynyň metbugat sekretary Faisal, soňky 1 aýda Talibanyň guran hüjümlerinde asuda ilatdan 129 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Talibanyň soňky 1 aýda 1456 hüjüm gurandygyny aýdan Faisal, şol hüjümlerde asuda ilatdan 129 adamyň ýogalandygyny, 291 adamyň bolsa ýaralanandygyny beýan etdi.

Faisal, Talibanyň parahatçylyk üçin güýçli bir ygtyýarynyň bolmandygyny habar berdi.



Degişli Habarlar