ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 141 müň 124 adama ýetdi

ABŞ-da koronawirusa ýoluganlaryň sany 3 million 695 müň 469 adama ýetdi

1456812
ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 141 müň 124 adama ýetdi

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 593 müň 100 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 13 million 967 müň 833 adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 8 million 297 müň 653 adamdan geçdi. 

Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 141 müň 124 adama ýeten ABŞ-da wirusa ýoluganlaryň sany 3 million 695 müň 469 adama ýetdi. 

Braziliýada soňky 1 günde ýene-de 1 müň 322 adamyň ýogalmagy bilen Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 76 müň 822 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 45 müň 403 adam artyp, 2 million 14 müň 738 adama ýetdi. 

Meksikada soňky 24 sagatda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 668 adam artyp, 37 müň 574 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 324 müň 41 adama ýetdi. 

Epidemiýanyň Ýewropadaky güýç merkezi bolan Britaniýada, Kovid-19 sebäpli soňky 1 günde ýene-de 66 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 45 müň 119-a, ýene-de 642 adamyň wirusa ýolukmagy bilen bolsa koronawirusa ýoluganlaryň sany 292 müň 552 adama ýetdi. 

Italiýada soňky 24 sagatda täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 20 adam artyp, 35 müň 17 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa ýene-de 230 adam artdy. 

Fransiýada epidemiýa sebäpli soňky 1 günde ýene-de 18 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 30 müň 138-e, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 534 adam artyp jemi 207 müň 142 adama ýetdi. 

Ispaniýada Kovid-19 epidemiýasy sebäpli soňky 1 günde ýene-de 3 adamyň ýogalmagy bilen ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 28 müň 416 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 580 adam artyp, 258 müň 855 adama ýetdi. 

Portugaliýada Kovid-19 sebäpli soňky 1 günde ýene-de 3 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 1 müň 679-a, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 339 adam artyp, 47 müň 765 adama ýetdi. 


Etiketkalar: #epidemiýa , #koronawirus , #ABŞ

Degişli Habarlar