Kovid-19 ýurtlaryň ýolbaşçylaryna hem zarba urdy

Hytaýyň Uhan şäherinde 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ýüze çykan Kovid-19, dünýäniň 200-den gowrak ýurduna we sebitine ýaýrap epidemiýa öwrüldi

1452203
Kovid-19 ýurtlaryň ýolbaşçylaryna hem zarba urdy

Dünýäniň çar tarapyna ýaýran täze görnüş koronawirus epidemiýasy (Kovid-19), dünýäniň ençeme ýurdynda diňe halka däl, eýsem şol bir wagtda köp sanda adam bilen aragatnaşykda bolýan we epidemiýa garşy göreşde öň hatarda duran ýurtlaryň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň hem kesellemegine sebäp bolýar. 

Kovid-19 testiniň položitel çykandygyny aýdan Braziliýanyň Döwlet baştutany Žair Bolsonaru, şu günki güne çenli wirusyň ýokan iň ýokary derejeli ýolbaşçylaryň biri boldy. 

Hytaýda ýüze çykan epidemiýanyň başyndan bäri aralarynda ýurdyň Premýer ministrleri, deputatlar we Şa maşgalalaryň agzalary hem bolan köp sanda ýokary derejeli döwlet we hökümet baştutanlaryna Kovid-19 ýokdy. 

Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, Russiýanyň Premýer ministri Mihail Mişustin, Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan we Gwineýa Bisaunyň Premýer ministri Nuno Gomes Nabiam dagylar bolsa Kovid-19-a ýolugan hökümet baştutanlary boldy. 

Eýranyň Wise-prezidenti Masume Ibtikar, Günorta Sudanyň Wise-prezidenti we Goranmak ministri Riek Maçar we Ispaniýanyň Wise-premýeri Karmen Kalwonyň hem Kovid-19 testleri položitel çykdy. 

Britaniýanyň Saglygy goraýyş ministri Metýu Hankok, Ysraýylyň Saglygy goraýyş ministri Ýaakow Litzman, Owganystanyň Saglygy goraýyş ministri Firuziddin Firuz, Gananyň Saglygy goraýyş ministri Kwaku Agyemang-Manu, Awstraliýanyň Içeri işler ministri Peter Dutton, Fransiýanyň Medeniýet ministri Frank Riester, Russiýanyň Medeniýet ministri Olga Lýubimowa, Polşanyň Daşky gurşaw ministri Mişel Wos we ÝB-nyň Breksit boýunça baş maslahatçysy Mişel Barnier ýaly ýolbaşçylarda hem Kovid-19-yň bardygy anyklandy. 

Hytaýyň Uhan şäherinde 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ýüze çykan Kovid-19, dünýäniň 200-den gowrak ýurduna we sebitine ýaýrap epidemiýa öwrüldi. 



Degişli Habarlar