Kovid-19 epidemiýasy sebäpli dünýä derejesindäki adam ýitgileri dowam edýär

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 7 million 252 müň 605 adamdan geçdi

1452924
Kovid-19 epidemiýasy sebäpli dünýä derejesindäki adam ýitgileri dowam edýär

 

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 558 müň 401 adama, wirus ýokanlaryň sany 12 million 434 müň 830, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 7 million 252 müň 605 adamdan geçdi. 

Russiýada Kovid-19 sebäpli ýogalan adamlaryň sany 11 müň 17 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 713 müň 936 adama ýetdi. 

Hindistanda soňky 24 agatda ýene-de 475 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 21 müň 656 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 798 müň 161 adama ýetdi. 

Eýranda Kovid-19 sebäpli ýogalan adamlaryň sany 12 müň 447 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 252 müň 720 adama ýetdi. 

Katarda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýene-de 4 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa ýene-de 557 adam artdy. Katarda şeýlelik bilen Kovid-19 sebäpli adam ýitgisi 142-ä, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 102 müň 110 adama ýetdi. 

Wirus sebäpli soňky 1 günde ýene-de 3 adamyň ýogalan Kuweýtde, Kovid-19 sebäpli adam ýitgisi 382-ä, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 833 adamlyk artyş bilen 52 müň 840 adama ýetdi.  

BAE-de Kovid-19 sebäpli ýene-de 1 adam ýogaldy we ýene-de 532 adama wirusyň ýokandygy anyklandy. Ýurtda şeýlelik bilen koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 328 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 53 müň 577 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli jemi 36 adam ýogalan Liwanda, ýene-de 66 adamyň wirusa ýolukmagy bilen, wirusa ýoluganlaryň sany jemi 2 müň 11 adama ýetdi. 

Kovid-19 sebäpli 50 adamyň ýogalan Tunisde, ýene-de 10 adamyň wirusa ýolukmagy bilen wirusa ýoluganlaryň sany 1 müň 231 adama ýetdi. 

Yrakda soňky 24 sagatda Kovid-19 sebäpli ýene-de 103 adam ýogaldy, şeýlelik bilen koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 2 müň 882 adama ýetdi. Ýurtda ýene-de 2 müň 170 adamyň wirusa ýolukmagy bilen, wirusa ýoluganlaryň sany jemi 39 müň 502 adama ýetdi. 

Günorta Afrika Respublikasynda soňky 1 günde ýene-de 129 adam Kovid-19 sebäpli ýogaldy. Ýurtda şeýlelik bilen wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 3 müň 720 adama ýetdi. Soňky 24 sagatda ýene-de 13 müň 674 adamyň Kovid-19-a ýolukmagy bilen bolsa, wirusa ýoluganlaryň sany 238 müň 339 adama ýetdi. 

Kovid-19 wirusyna soňky 24 sagatda Hytaýda ýene-de 4 adam, Günorta Koreýada bolsa ýene-de 45 adam ýolukdy. 

Ysraýylda soňky 24 sagatda Kovid-19 bilen kesellän ýene-de 4 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 350 adama ýetdi. Ysraýylda ýene-de 1 müň 464 adamyň wirusa ýolukmagy bilen bolsa, koronawirusa ýoluganlaryň sany 35 müň 631 adama ýetdi. 

Beýleki käbir ýurtlardaky adam ýitgileri şu aşakdaky ýaly: Pakistanda 5058 adam, Hytaýda 4634 adam, Müsürde 3617 adam, Indoneziýada 3417 adam, Bangladeşde 2238 adam, Saud Arabystanynda 2100 adam, Ukrainada 1345 adam, Filippinlerde 1314 adam, Belarussiýada 449 adam, Gazagystanda 264 adam. 



Degişli Habarlar