Koronawirus Braziliýada 1 million 284 müň adamyň hasaba alynmagyna sebäp boldy

Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 11 million 900 müň adamdan geçdi

1450945
Koronawirus Braziliýada 1 million 284 müň adamyň hasaba alynmagyna sebäp boldy

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 545 müň, wirusa ýoluganlaryň sany 11 million 900 müň, sagalanlaryň sany 6 million 828 müň adamdan geçdi.

Koronawirus Braziliýada 65 müň 487 adamyň ýogalmagyna, 1 million 284 müň adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy. Prezident Bolsonaro koronawirusyň ýokaşandygy anyklanyldy. “Wirusyň başgalaryna ýokaşmazlygy üçin degişli çäreleri görendigini we ýagdaýynyň gowudygyny aýdan” Bolsonaro, koronawirusa garşy degişli çäreleri görmändigi sebäpli ünsleri özüne çekipdi.

Epidemiýanyň Ýewropadaky merkezi Britaniýada, koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 155 adam artyp 44 müň 391 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 581 adam artyp 286 müň 349 adama ýetdi.

Italiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 30 adam artyp 34 müň 899 adama ýetdi. Soňky 24 sagatda ýene-de 138 adama wirusyň ýokaşandygy anyklanyldy.

Fransiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 13 adam artyp 29 müň 933, hasaba alynanlaryň sany 475 adam artyp 203 müň 962 adama ýetdi.

Serbiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 13 adam artyp 330 adama, wirusa ýoluganlaryň sany hem 16 müň 719 adama ýetdi. Prezident Aleksandar Wuçiçiň hepdäniň ahyrynda ýurtda köçä çykmagyň gadagan ediljekdigini beýan etmeginden soň halk köçä çykdy. Serbiýanyň Mejlisiniň öňünde jemlenşen halk mejlise girmäge çalyşdy.



Degişli Habarlar