Dünýäde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 535 müň adamdam geçdi

Dünýäde koronawirus bilen keselläninden soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 6 million 518 müň 389 adamdan geçdi

1449445
Dünýäde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 535 müň adamdam geçdi

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 535 müň adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 11 million 500 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 6 million 518 müň 389 adamdan geçdi. 

DKTR-da soňky 24 sagatda koronawirusa ýolugan adam bellige alynmady. Şu günki güne çenli 4 adamyň ýogalan ýurtda, 5 adamyň Kovid-19 bejergisi dowam edýär. 

Yrakda soňky 24 sagatda Kovid-19 sebäpli ýene-de 105 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda adam ýitgisi şeýlelik bilen jemi 2 müň 473-e ýetdi. Yrakda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 müň 125 adam artyp, jemi 60 müň 479 adama ýetdi. 

32 adamyň ýogalan Madagaskaryň paýtagty Antananarivu şäherinde, Kovid-19-a ýolugan adamlaryň sanynyň artmagy bilen 2,5 aý soň ýaňadandan karantin düzgüni girizildi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany soňky 2 hepdede 2 esse artyp, 2 müň 941 adama ýetdi. 


Etiketkalar: #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar