Owganystanda Talibanyň hüjümleri dowam edýär

Nangarhardaky hüjümde 2 esgeriň ýogalandygy, 5 esgeriň bolsa ýaralanandygy mälim edildi

1446919
Owganystanda Talibanyň hüjümleri dowam edýär

Owganystanyň gündogaryndaky harby birikmeleriň birine Talibanly başbozarlar tarapyndan guralan hüjümde 2 adam ýogaldy. 

Nangarhar welaýatynyň gubernatorlygy, Talibanly başbozarlaryň Naziýan etrabyndaky harby birikmä hüjüm gurandygyny habar berdi.

Hüjümde 2 esgeriň ýogalandygy, 5 esgeriň bolsa ýaralanandygy mälim edilen beýanatda, bolan çaknyşykda Talibanlylaryň hem agyr ýitgi çekendigi aýan edildi. 

Taliban tarapyndan bolsa hadysa bilen bagly entek beýanat berilmedi. 


Etiketkalar: #Taliban , #Owganystan

Degişli Habarlar