Owganystanda Taliban tarapyndan geçirilen maslahata howa hüjümi guraldy

Owganystanda howpsuzlyk güýçleri Sari Pul welaýatynda Talibanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahata howa hüjümini gurady

1444909
Owganystanda Taliban tarapyndan geçirilen maslahata howa hüjümi guraldy

Owganystanda Sari Pul welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Zabihullah Amani, Anadoly habarlar agentligine beren beýanatynda, Talibanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda welaýatyň Suzma Kale etrabynda geçirilen maslahatyna howa hüjüminiň guralandygyny habar berdi. 

Hüjümde aralarynda Talibanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen birlikde köp sanda başbozaryň hem ýogalandygyny aýdan Amani, Talibanyň adam ýitgileri bilen baglanşykly anyk bir maglymatyň entek alynmandygyny mälim etdi. 

Taliban tarapyndan bolsa hadysa bilen baglanşykly entek beýanat berilmedi. 



Degişli Habarlar