Putin we Makron Liwiýa meselesinde pikir alyşar

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Fransiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Emmanuel Makron bilen Liwiýa meselesini aralyp alyp maslahatlaşar

1443140
Putin we Makron Liwiýa meselesinde pikir alyşar

Russiýanyň Prezidentiniň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow paýtagt Moskwada žurnalistlere beren beýannamasynda Putiniň ertir Makron bilen wideo konferensiýa arkaly gepleşik geçirjekdigini aýtdy.

Liderleriň maslahatynda Liwiýa, Siriýa we Ukraina meseleleriniň seljeriljekdigine ünsi çeken Peskow: “Bu, dartgynlyklary ara alyp maslahatlaşmak üçin iňňän möhüm pursat” diýdi.

Liderleriň Russiýa bilen Fransiýanyň arasyndaky gatnaşyklar boýunça hem pikir alyşjakdygyny beýan eden Peskow: “Liderleriň islegine baglylykda başga meselelerde-de pikir alyşylyp bilner” diýdi.



Degişli Habarlar