Kosowa, Hizbulahy terror guramasy hökmünde yglan etdi

Hizbullahyň harby topary 2013-nji ýylda ABŞ tarapyndan terror guramalarynyň sanawyna alnypdy

1441975
Kosowa, Hizbulahy terror guramasy hökmünde yglan etdi

 

Kosowanyň hökümeti, Hizbullahyň harby we syýasy toparyny ýurduň territoriasynda terror guramasy hökmünde yglan edýän karary tassyklady.

Hökümet tarapyndan berlen beýanatda, kararyň “Milli, sebitara we halkara howpsyzlygyň, milli bähbitleriň goralmagy we terror guramalaryna garşy göreşýän halkara hyzmatdaşlyga goldaw bermek” maksady bilen kabul edilendigi nygtaldy.

Daşary işler we Diaspora ministri Meliza Stublla Haradinaž, Kosowanyň hökümetiniň şol guramanyň harby we syýary toparynyň bilelikde işleşýändigi barada pikir edýändigini nygtady.

Hizbullahyň harby topary 2013-nji ýylda ABŞ tarapyndan terror guramalarynyň sanawyna alnypdy.



Degişli Habarlar