Indoneziýada 6,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Indoneziýanyň Demirgazyk Sulawesi ştatynda 6,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy

1441544
Indoneziýada 6,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Indoneziýanyň Meteorologiýa klimat we geofizika guramasy, güýç merkezi ştatyň Günorta Bolaang Mongondow sebitiniň Bolaanguki etrabynyň 42 km günorta-günbataryndaky suw giňişliginde bolan ýer titremäniň, ýeriň 94 km aşagynda emele gelendigini mälim etdi.

Ştatyň Manado, Bitung we Minahasa sebitlerinde hem duýulan ýer titremede ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň bolup-bolmandygy barada beýanat berilmedi. 

Indoneziýada 2018-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Sulawesi adasyndaky Palu aýlagynda bolan 7,5 bal ululygyndaky ýer titremede we ondan soň bolan sunaminde 4 müň 340 adam ýogalypdy. 



Degişli Habarlar