Araplar Kerkukda PKK-nyň Aksiýalaryna Garşy Durýar

Kerkukly araplar terror guramasy PKK-nyň käbir ýerlere özüne baýdak hökmünde saýlap alan mata bölejiklerini asmagyna garşy

1441420
Araplar Kerkukda PKK-nyň Aksiýalaryna Garşy Durýar

Yragyň Kerkuk şäherindäki Arap Mejlisi, ekstremist terryor guramasy PKK-nyň käbir etrapçalara we köprülere onuň hamala baýdagy diýilýän mata böleklerini asylmagyna garşylyk görkezdi

Kerkuk Arap Mejlisindinden berlen ýazmaça beýanatda, “Ekstremist terror guramasy PKK-nyň şäherde baýdagyny asýarka Yragyň baýdagyny ýyrtmagy ýurduň özygtyýarlylygynyň kemsidilmegi manysyny aňladýar” diýildi.

Beýanatda şuňa meňzeş halkara terror guramalarynyň Yrakda iş alyp barmagyna rugsat berilmeli däldigi nygtaldy.

Beýanatda, howpsyzlyk güýçleriniň şuňa meňzeş terror guramalarynyň şäherde iş alyp barmagynyň öňüni alyp bilmezligine bolsa alada bildirildi.

Beýanatda Kerkugyň durnuklylygyna, howpsyzlygyna we asudalygyna zeper ýetirjek hereketlere rugsat berilmezligi islendi.

Ekstremist terror guramasy PKK, 19-njy iýunda Yragyň Kerkuk şäherindäki käbir köprülere özüne baýdak hökmünde saýlap alan mata bölejiklerini asypdy we türkmen şehitleriniň gonamçylygyna hüjüm edipdi.



Degişli Habarlar