Braziliýada wirusa ýoluganlaryň sany 54 müň 771 adam artyp 1 million 32 müň 913 adamdan geçdi

Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 8 million 801 müň adamdan geçdi

1439936
Braziliýada wirusa ýoluganlaryň sany  54 müň 771 adam artyp 1 million 32 müň 913 adamdan geçdi

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 463 müň 463, wirusa ýoluganlaryň sany 8 million 801 müň, wirusy ýeňenleriň sany 4 million 656 müň adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 121 müň 429 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 2 million 297 müň adamdan geçdi. Florida ştatynyň, ýurtda epidemiýanyň täze merkezi bolup biljekdigi barada duýduryş berildi. Ştatda soňky 24 sagatda 3 müňden gowrak adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany 1 günde 3 müň 822 adam artyp 89 müň adamdan geçdi.

Dünýäde epidemiýa sebäpli uly ýitgi çeken 2-nji ýurt bolan Braziliýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 1206 adam artyp 48 müň 954 adama ýetdi. Saglygy goraýyş ministrliginiň görkezijilerine görä, soňky 24 sagatda wirusa ýoluganlaryň sany 54 müň 771 adam artyp 1 million 32 müň 913 adamdan geçdi.

Meksikada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 647 adam artyp 20 müň 394 adama, hasaba alynanlaryň sany 5 müň 30 adam artyp 170 müň 485 adama ýetdi.

Italiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 47 adam artyp 34 müň 561 adama ýetdi.

Ispaniýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 28 müň 315 adama ýetdi. Ýurtda 14-nji martda yglan edilen Adatdan daşary ýagdaýyň möhledi 98 gün soň şu gije dolýar. Premýer ministr Pedro Sançez “Koronawirus howpy henizem dowam edýär we epidemiýada ikinji tolkun bolup biler. Ikinji tolkunyň bolmazlygy üçin her bir adam jogapkärçilikli hereket etmeli” diýdi.

Fransiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 14 adam artyp 29 müň 617 adama, hasaba alynanlaryň sany 811 adam artyp 196 müň 857 adama ýetdi.

Britaniýada soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 128 adam artyp 42 müň 589 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 1295 adam artyp 303 müň 110 adama ýetdi

Kanadada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 48 sagatda 89 adam artyp 8 müň 396 adama ýetdi. Hasaba alynanlaryň sany 790 adam artyp 101 müň 864 adamdan geçdi.

Peruda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 199 adam artyp 7 müň 660, wirusa ýoluganlaryň sany 3 müň 537 adam artyp 247 müň 925 adama ýetdi.

Kovid-19 sebäpli Ekwadorda 4 müň 156 we Kolumbiýada 2 müň 45 adam ýogaldy.



Degişli Habarlar