Bab etrabynda, bazar ýerinde bolan partlamada 3 adam ýaralandy

Howpsyzlyk güýçleri hüjümiň terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralandygyny öňe sürýär

1434235
Bab etrabynda, bazar ýerinde bolan partlamada 3 adam ýaralandy

 

Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Bab etrabynda, bazar ýerine goýlan bombanyň ýarylmagy sebäpli 3 adam ýaralandy.

“Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen terrordan saplanan Bab etrabynda bazar ýerine goýlan bomba ýaryldy.

Terrorçylykly hüjümde asuda ilatdan 3 adam ýaralandy.

Partlama sebäpli golaýdaky binalara zeper ýetirildi.

Howpsyzlyk güýçleri hüjümiň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralandygyny öňe sürýär.

Bab etrabynda soňky 1 aýda bolan 3 partlamada 22 adam ýaralandy.

Tel Ryfatda we Manbiçde basyp alyşlygyny dowam etdirýän ÝPG/PKK, ýygy-ýygydan Bab, Azez, Jarablus we Afrin etraplarynda terrorçylykly hüjümler guraýar.


Etiketkalar: #partlama , #bazar ýeri

Degişli Habarlar