Siriýanyň Tel Abýad etrabynda bombaly hüjüm guraldy
Hadysada 3 adam ýaralandy
1432987

Siriýanyň demirgazygyda oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Tel Abýad etrabynda, Siriýanyň Milli goşunyna degişli ulaga ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde Siriýanyň Milli goşunyna degişli 3 esger ýaralandy.
Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen terrorçylardan saplanan Tel Abýad etrabynyň Suluk etrapçasynda, Siriýanyň Milli goşunyna degişli ulag partlady.
Ulag gidip barýarka bolan partlamada Siriýanyň Milli goşunynyň 3 esgeri ýaralandy.
Ýaralanan esgerler golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndy.
Wakanyň bolan ýerinde derňew işlerini geçiren hopwsyzlyk güýçleri, aksiýanyň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralandygyny çak edýär.