ABŞ-da Jorj Floýdyň polisiýa işgäri tarapyndan öldürilmegine gary Şwesiýada protest ýörişi geçirildi

Howpsyzlyk güýçleri protestçylara garşy wagtal-wagtal gözüňi ýaşardýan gaz ulandy

1429439
ABŞ-da Jorj Floýdyň polisiýa işgäri tarapyndan öldürilmegine gary Şwesiýada protest ýörişi geçirildi

ABŞ-da garaýagyz Jorj Floýdyň polisiýa işgäri tarapyndan öldürilmegine gary Şwesiýada protest ýörişi geçirildi.

Segel Torg meýdanynda bir ýere jemlenşen protestçylar “Biz rasizme garşy” we Floýdyň soňky sözleri bolan “Dem alyp bilmeýärin” diýlen şygarlary göterdi.

Ýörişde, koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň esasy şertlerinden birini emele getirýän adamlaryň arasyndaky gatnaşyklarda belli aralyklara üns berilmegi düzgüniniň berjaý edilmändigi sebäpli howpsyzlyk güýçleri bilen protestçylaryň arasynda dartgynly pursatlar başdan geçirildi.

Howpsyzlyk güýçleri protestçylara garşy wagtal-wagtal gözüňi ýaşardýan gaz ulandy.

Içeri işler müdürliginiň metbugat geňeşçisi Eriksson, protestçylary öjükdiren käbir adamlaryň saklanandygyny aýtdy.

Minnesota ştatynda 25-nji maýda başdan geçirlen wakada, garaýagyz Jorj Floýd göz astyna alynýarka “dem alyp bilmeýärin” diýip ýalwarandygyna garamazdan, polisiýa işgäriniň dyzy bilen boýnuna basmagy sebäpli ýogalypdy.

Waka, şol günden bäri ABŞ-nyň çar tarapynda protest ýörişleriniň geçirilmegine sebäp boldy.



Degişli Habarlar