Terror guramasy DAIŞ-iň hüjüminde 3 adam ýogaldy

Yragyň gündogaryndaky Diýala şäherinde terror guramasy DAIŞ-iň guran 2 aýry hüjüminde 3 adam ýogaldy

1418428
Terror guramasy DAIŞ-iň hüjüminde 3 adam ýogaldy

Diýala şäheriniň Içeri işler edarasyndan Şalan El-Kamili, Diýala şäheriniň El-Azim şäherçesine degişli El-Bumera obasynda Haşdi Şabi söweşijileriniň howpsyzlyk nokadyna terror guramasy DAIŞ-iň hüjüm guramagyndan soň ýüze çykan çaknyşykda 2 adamyň ýogalandygyny, 2 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi. 

Bagdadyň Içeri işler edarasyndan berilen başga bir beýanata görä bolsa, Bagdadyň demirgazygynda DAIŞ tarapyndan zamun alynan asuda ilatdan 25 ýaşyndaky bir adam terrorçylar tarapyndan öldürildi. 

Tarimiýe diýilen ýerde zamun alynan adamyň jesediniň tapylandygy aýan edildi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Bagdat , #Yrak

Degişli Habarlar