Sergeý Lawrow ABŞ-nyň harby-biologiki işleri bilen bagly beýanat berdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň harby-biologiki işjeňligini açyk ýagdaýa getirmek islemeýändigini habar berdi

1416774
Sergeý Lawrow ABŞ-nyň harby-biologiki işleri bilen bagly beýanat berdi

Sergeý Lawrow, Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň maslahatyndan soň, metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Maslahatda koronawirus epidemiýasyny ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdan Sergeý Lawrow, Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde BMG we Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen birlikde işleşjekdiklerini habar berdi. 

ABŞ-nyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlar bilen birlikde dünýäniň ençeme ýerinde biologiki laboratoriýalar döredendigini bellän Sergeý Lawrow, biologiki ýaraglaryň gadagan edilmegi bilen baglanşykly protokolyň taýarlanmagynyň tarapdarydyklaryny mälim etdi. 

Lawrow: "ABŞ bolsa dünýäde ýeke özi muňa garşy çykýar. ABŞ dünýädäki harby-biologiki işjeňligi açyk ýagdaýa getirmek islemeýär. Bu bolsa nämeleriň başdan geçirilýändigi we haýsy maksatlarynyň bardygy barada sorag alamatlaryny döredýär" diýip belledi. 

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Owganystandaky ýagdaýyň hem erbetleşýändigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar